Berlinde Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Berlinde Türkmenistanyň Germaniýadaky Ilçihanasy Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynyň “Lihthof” galereýasynda geçirilen bu çärä ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Germaniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik-ylmy guramalarynyň we nemes kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Çäräniň çäginde Türkmenistanyň Germaniýadaky Ilçisi B.Rejepow bu möhüm senä bagyşlap çykyş etdi.

Çykyşyň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy we diplomatik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bellendi, şeýle hem ýokary derejeli duşuşyklaryň, parlamentara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegiň we daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň ýola goýulan mehanizminiň ähmiýeti görkezildi.

Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy boýunça wekili Matias Lütenberg öz çykyşynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigini, söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň geljeginiň, medeni-ynsanperwer, ylmy we bilim gatnaşyklarynyň we raýat jemgyýetleriniň arasyndaky dialogyň ähmiýetini belledi.

Çykyşlardan soň myhmanlara garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýan wideo şekiller görkezildi.

Çäräniň ahyrynda Ilçihana baýramçylyk kabul edişligi gurady, şol dabarada myhmanlar türkmenleriň milli aşhanasynyň tagamlaryny dadyp görmäge mümkinçilik aldylar.