icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 iýun 2022

956

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Şu gün, 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilige kanagatlanma, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine özara gyzyklanmany beýan etdiler.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin däp bolan dostlukly türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belläp, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz deňhukuklylyk, uzakmöhletleýin esasda, geçen 30 ýylyň dowamynda ýetilen sepgitleri hem-de döwlet ösüşiniň öňde durýan ilkinji derejeli wezipelerini hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň kesgitlenilmegine oýlanyşykly çemeleşmäni görkezýärler. Türkmenistanyň Baştutanynyň ýakynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparynyň jemleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Söhbetdeşler bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwletara, Hökümetara derejelerinde, şeýle hem işewürler düzümleriniň ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklar bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagyna hem-de gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini nygtadylar.

Söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, gurluşyk we serişdeler senagaty, suw hojalygy, obasenagat toplumy, syýahatçylyk we beýleki ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi