icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 iýul 2022

1134

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “tegelek stol” görnüşinde duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BSG-nyň baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançeniň ýolbaşçylygynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilýetiniň hem-de Türkmenistanyň BSG-na goşulmagynyň meselelerini öwrenmek boýunça döredilen Hökümet toparynyň arasynda “tegelek stol” geçirildi.

Şeýle hem, bu çärä Türkmenistanda akkreditasiýa edilen daşary ýurtlarynyň diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

“Tegelek stoluň” işiniň dowamynda Türkmenistanyň BSG-nda “goşulýan ýurt” derejesine eýe bolmagy, Türkmenistanyň daşary söwdasynda ýagdaýynyň berkemegine, ynamly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine şeýle-de, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen Türkmenistanyň guramaçylykly hyzmatdaşlygynyň berkidelmegine we bu ugurlar boýunça toplumlaýyn işleriň dowam etdirilmegine ýardam berer diýip bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew maslahatda çykyş etmek bilen, biziň döwletimiziň esasy maksady Bütindünýä Söwda Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmagyndan ybaratdyr diýip aýratyn belläp geçdi. Bu ugurda Türkmenistan gurama bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmekde yzygider tagallalary dowam etdirer.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi