icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 dekabr 2022

1083

Indoneziýanyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada öz ynanç hatlaryny gowşurmak üçin gelen Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) Ronni Prasetýö Ýuliantoro bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Indoneziýanyň Ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewe öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy hem-de Türkmenistan bilen Indoneziýanyň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan ýokary derejä çykarmak üçin ähli tagallalary gaýgyrmajakdygy barada ynandyrdy.

W.Hajiýew Ilçini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary 10-njy dekabrda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýylynyň dolýandygyny belledi we Ilçini bu ähmiýetli sene bilen gutlady.

W.Hajiýew şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri, Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy  hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistan Indoneziýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary has hem berktimäge we giňeltmäge gyzyklanma bildirýär we ýakyn wagtda üçünji ýurtdan Ilçisini akkreditirlemegi meýilleşdirýär.

Diplomatlar şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de iki ýurduň milli bazarlarynyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini we dürli eýeçilik häsiýetli türkmen we indoneziýaly guramalar üçin maýa goýumlaryň bähbitli ugurlary boýunça teklipleri alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi