icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 dekabr 2022

1243

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary K.Kosaçýewyň duşuşygy barada

2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary Konstantin Kosaçýew bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler iň ýokary derejede ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ulgamlaýyn we dinamiki häsiýetde berkidilen ynamyň ýokary derejesini bellediler.

Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary bu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen many mazmunly duşuşygyny kanagatlanma bilen belläp geçdi.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde parlametara hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýändigi görkezildi.

Şunuň bilen baglylykda, geçen aýyň başynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moskwa şäherine bolan saparynyň ähmiýeti parlamentara gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegine itergi berdi.

Iki ýurduň parlamentleriniň üsti bilen “Merkezi Aziýa-Russiýa” formatynda özara gatnaşyklaryň maksadalaýykdygy bellenildi.

Şu ýylyň 7-nji dekabrynda Hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Rus toparynyň 12-nji mejlisiniň şowly geçirilendigini, şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini hem-de degişli guramalaryň, ministrlikleriň arasynda birnäçe netijeli duşuşyklaryň gurnalandygyny barada türkmen tarapy belläp geçdi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe bagyşlanan Aşgabat halkara hepdeliginiň çäginde ýetip gelýän wakalary ara alyp maslahatlaşyp, taraplar parahatçylygy we ynamy ösdürmekde konstruktiw gepleşikler üçin täsirli platforma bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi