icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 dekabr 2022

1122

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýetini kabul etdi

2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, şeýle hem BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň hem-de BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Sultan Al Jaber hem-de wekiliýetiň agzalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Bitaraplygyň 27 ýyllygy bilen gutladylar.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçylaryna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalaryny kabul etmäge şatdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ýola goýlan ýakyn gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz BAE-däki hyzmatdaşlaryň gyzyklanma bildirýän ähli ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk tekliplerine türkmen tarapynyň seretmäge taýýardygyny tassyklap, döwletara gatnaşyklaryň iki dostlukly halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara bähbitli uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Şeýle hem şu gün senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministr Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygyndaky BAE-niň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna, gurluşyk, elektroenergetika, awtomobil ýollary gurluşygy we himiýa senagaty pudaklaryna, maliýe-ykdysady toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary bilen duşuşyklary geçirdiler.

Ýangyç-energetika toplumy, maliýe-bank ulgamy, gaýtadan işleýän we senagat pudaklary, gurluşyk ýaly strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi