icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 sentýabr 2017

717

Walentina Matwiýenko Türkmen paýtagtynyň Hormatly raýaty boldy

2017-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5 Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda häzirki ýagdaýy we geljegini ara alyp maslashatlaşdylar. Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Spikeri sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmäge gönükdirilen  halkara başlangyçlary bilen çykyş edýän bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berdi. “Russiýa Türkmenistana Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmekde wajyp orny eýeleýän ygtybarly strategiki hyzmatdaşy hökmünde garaýar”, diýip Matwiýnko aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, Walentina Matwiýenko “Aşgabat şäheriniň hormatly raýatynyň” şahadatnamasyny gowşurdy.

Walentina Matwiýenkonyň bu hormatly ada Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, syýasy, ykdysady we medeni-ynasanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin mynasyp boldy diýip, Döwlet Baştutany belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy özüne bildirilen uly hormat üçin hoşallyk bildirip, ajaýyp türkmen paýtagtynyň – özboluşly we gaýtalanmajak binalary, gözelligi hem-de sazlaşygy, ekologiýa taýdan arassalygy, ýaşyl begresiniň we çüwdürimler toplumlarynyň ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan ak mermerli şäheriň hormatly raýaty bolmaga şatdygyny hem-de muňa buýsanýandygyny aýtdy.

Dabaranyň ahyrynda Walentina Matwiýenko ýygnanalaryň el çarpyşmalarynyň astynda Türkmenistanyň Prezidentine simwoliki ýadygärlik sowgadyny – zeýtun agajynyň şahajygyny gowşurdy. Bu şahajyk bilen Olimpiýa hereketiniň dörän ýeri - Gadymy Gresiýada sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglaýar ekenler.

Walentina Matwiýenko Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş Türkmen halkyna täze-täze ýeňişleri we gülläp ösüşi arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi