icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

08 noýabr 2016

1259

Tähranda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler

2016-njy ýylyň 7-8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran ş.) Ilçihahansy tarapyndan Tähran şäherinde dabaraly çäreler geçirildi.

Ilki bilen Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýranyň Milli Şura Mejlisiniň 110 ýyllyk taryhy bolan kitaphana we resminamalar merkezinde onuň ýolbaşçysy Hamid Reza Majidi bilen merkeziň hünärmenleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmaklarynda duşuşyk geçirildi.

Soňra Eýranyň Tähran uniwersitetiniň Hukuk we syýasy ylymlary fakultetinde seminar maslahat geçirildi. Şeýle hem Eýranyň Ýewraziýa ylmy-barlag institutynda (IRAS) tegelek stoly duşuşygy geçirildi.

Duşuşyklara Türkmenistanyň tejribeli halypa diplomatlardan düzülen wekilýeti bilen bir hatarda, Eýranyň Türkmenistandaky ozalky Ilçileriniň birnäçesi we Orta Azýany hususan-da, sebit boýunça Türkmenistany öwreniji alymlar gatnaşdylar.

Geçirlen duşuşyklarda, Türkmenistanyň 25 ýylyň dowamynda ýeten sepgitleri, üstünlikleri, Bitaraplyk syýasatynyň sebite täsiri, daşary syýasaty we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary baradaky maglumatlar diňleýjilere ýetirildi we giňden pikir alşyldy.

Şeýle-de, Ilçihana tarapyndan Tähran uniwersitetinde Türkmenistanyň häzirki zaman neşirleriniň we edebiýatlarynyň kitap sergisi gurnaldy.

Mundan başga-da Türkmenistanyň wekilýeti Eýranyň DIM-niň Syýasy we halkara ylmy-barlag institutynyň ýolbaşçysy Seýedmuhammad Kazem Sajjadpur bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki ýurduň halkara gatnaşyklary institutlarynda diplomatlary taýýarlamak baradaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, 2016-njy ýylyň 8-nji noýabrynda agşamlyk Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli Ilçihana tarapyndan resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi