icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

08 noýabr 2016

1587

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary

            2016-njy ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Düýn agşam hormatly Prezidentimiziň uçary Kuala-Lumpuryň halkara howa menziline gondy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, garşyladylar.

            Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň dekabr aýynda Malaýziýa amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berdi.  Şeýle hem Malaýziýanyň premýer-ministriniň 2011-nji we 2014-nji ýyllarda biziň ýurdumyza bolan resmi saparlary döwletara hyzmatdaşlygynyň taryhyna möhüm sahypalary ýazdy, şol saparlaryň barşynda taraplaryň däp bolan özara ynam we deňlik ýörelgelerine eýerýän hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

            Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, 2011-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda Malaýziýanyň Ilçihanasy açyldy, 2013-nji ýylyň mart aýynda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň Ilçihanasy işläp başlady. Şunuň bilen baglylykda,  iki tarapyň hem ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge meýilleri barada aýdyp, olaryň hatarynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar çygyrlaryny, şeýle hem nebit we gaz, elektronika, dokma we azyk senagatlary pudaklaryny bellemek gerek. Şunlukda döwlet we telekeçilik düzümleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň, bilelikdäki söwda gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça çäreleriniň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Malaýziýanyň belli “Petronas” kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen kenarynyň uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek bilen meşgullanýar.

            Döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ýörelgeleriniň umumylygyny hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlarynyň hatarynda bilim, sport we syýahatçylyk ugurlaryny bellemek gerek. 

            Türkmen Lideriniň Malaýziýanyň hökümet baştutany – Dato Sri Mohd Nadjib Bin Tun Abdul Razakyň çakylygy boýunça dostlukly ýurda nobatdaky sapary emele gelen oňyn döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi bermäge, bilelikdäki işleriň netijesinde toplanan baý tejribäni hem-de serişdeleri we ykdysady kuwwatlyklary doly herekete getirmek nukdaý nazaryndan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine umumy çemeleşmeleri anyklaşdyrmaga ýardam berer.

            Öňde boljak ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ýakyn ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary dowam edýär.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi