Awazada (Türkmenbaşy şäheri) “Beýik Ýüpek ýoly –täze ösüşlere tarap” atly halkara forumy geçirildi

2018-nji ýylyň 2-nji maýynda “Awaza” (Türkmenbaşy şäheri) Kongresler merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly – täze ösüşlere tarap” atly Halkara forumy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Mejlisi açmak bilen, ýurduň ýolbaşçysy “Beýik Ýüpek ýoly – täze ösüşlere tarap” atly Halkara forumynyň işine, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň açylyşyna gatnaşmaga bolan çakylyga seslenme üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Biz dürli döwletleriň ýokary derejeli wekillerini, ministrlerini, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, görnükli diplomatlary, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen syýasy we jemgyýetçilik işgärlerini görmäge çyn ýürekden begenýäris, we doly esas bilen bu işjeň gatnaşygy Türkmenistana bolan hormat hökmünde kabul edýäris, diýip ýurt ýolbaşçysy belledi.

Türkmenistanda 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan edilmegi babatda belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ençeme asyrlaryň dowamynda biziň ýurdumyzyň territoriýasy Ýewraziýa ýollarynyň çatrygy, medeniýetleriň, siwilizasiýalaryň, adatlaryň we däpleriň duşýan ýeri boldy, diýip aýtdy. Indi häzirki döwürde öz taryhymyzyň täze tapgyrynda, biz  Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtalanmajak gymmatlyklaryny täzeden dikeldýäris, we bu işi dünýädäki dostlarymyz we pikirdeşlerimiz bilen amala aşyryýarys.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetine bagyşlanan meseleleýin gepleşikleriniň, döwletleriň özara düşünişmegine, nukdaýnazarlarynyň ysnyşmagyna, uzakmöhletleýin esasda täzeçillik shemalarynyň we hyzmatdaş özaragatnaşyklarynyň görnüşleriniň işlenilmegine ýärdam etjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk çygryndaky halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerinde ileri tutulýany nukdaýnazarlaryny belledi.

Halkara gatnaşyklaryna sebitiň üstünlikli integrasiýasy, ulag-üstaşyr we aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi bu maksatlaryň durmuşa geçirilmeginde wajyp ugurlaryň biri bolup durýar. Gara deňiz we Baltika sebitiniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna çykyşlary bolan kontinental Ýewropanyň gurşawyny öz içine alýan degişli ulag aragatnaşygynyň we üstaşyr geçelgeleriň köp ugurly, toplumlaýyn, utgaşdyrylan insfrastrukturasynyň gurluşygy barada aýtdylýar.

Şeýle hem, Hormatly Prezident bu taslamanyň Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere çykalgasy bolan günorta we gündogar ugurlardaky ulag infrastrukturasyna birikdirmek gelejegi hem göz öňüne tutýar diyip belledi.

Bu strategiýany durmuşa geçirmekde garaşylýan netijeleriň biri hem ulag-logistiki merkezleriniň intermodal geçelgesiniň ulgamyny döretmek bolup durýar. Täze ulag geçelgeleri bu ugurda hyzmat bazaryny giňeltmäge mümkünçilik berýär. Ýagny, öz gezeginde işjeň marketing daşary ykdysady syýasatyny geçirmegi, halkara ulag geçelgelerine gatnaşyjy ýurtlar bilen tarifleri we tarif ýeňillikleriniň ýiti ulgamyny optimizasiýalaşdyrmagy talap edýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Forumda gutlag sözi bilen Ekspeditorlar Assosiasiýasynyň Halkara Federasiýasynyň Prezidenti jenap Babar Badat hem çykyş etdi.

“Beýik Ýüpek ýoly - täze ösüşlere tarap” atly Halkara Forumyň plenar mejlisiniň soňunda Awaza Janamasy kabul edildi.