icon
Türkmençe
Русский
English
2023-nji ýyl - «Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýyly
»
img

09 oktýabr 2018

594

Täze döwredap obalarynyň we çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi

2018-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde täze döwrebap obalaryň hem-de Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Häzirki täze döwrebap obalaryň düýbüniň tutulyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň tabşyrygy boýunça dabaralara milli parlamentiň deputaty Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda deputatlaryň topary gatnaşdy.

Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde her biriniň meýdany 108 gektara barabar bolan iki sany iri ýaşaýyş toplumy gurlar. Olaryň her birinde 400 öýi, 640 orunlyk orta mekdepleri, Saglyk öýlerini, 320 orunlyk çagalar baglaryny, şeýle hem dolandyryş binalaryny we söwda merkezlerini gurmak meýilleşdirilýär.

Günüň şanly wakalarynyň ýene-de biri Bäherdende çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüniň tutulmagy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, çeper halyçylyk kärhanasynyň gurulmagy diňe bir bu ýerde 150 sany täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, türkmen halkynyň buýsanjy bolan täsin sungatyň saklanyp galmagyna we ösdürilmegine uly goşant bolar.

Parlamentarileriň adyndan çykyş eden deputat Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar we düýpli özgertmeler bilen bir hatarda ýakyn geljekde şu günki badalga berilýän taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Ahal welaýatynyň ykdysadyýetini has ýokary derejä galdyrmaga, halkyň durmuş üpjünçiligini düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2023 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi