icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 oktýabr 2018

940

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň döredilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty

2018-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Aşhabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň (TTGJ) döredilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty geçirildi.

Maslahatyň esasy maksady TTGJ-niň döredilmeginiň elli ýylynyň dowamynda gazananlary barada jemgyýetçilige habar bermekden, esasy ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşamakdan we jemgyýetçilik we halkara tebigaty goraýyş guramalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybarat boldy.

Maslahatyň işine Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň, halkara ekologiýa guramalarynyň wekilleri, tebigaty goramak ulgamyndaky ýurdumyzyň ministrlikleriniň we degişli edaralarynyň işgärleri, alymlar we bilermenler gatnaşdylar.

Maslahatlaşmagyň dowamynda TTGJ-niň giň möçberli işiniň netijeleri we häzirki zaman üstünlikleri görkezildi. Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň biodürliligini gorap saklamagyň meseleleri boýunça görkezme çykyşlar boldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynda aýratyn goralýan tebigy ýerleriniň – milli seýilgähleriniň we döwlet goraghanalarynyň işini kämilleşdirmegiň we ylmy açyşlaryň meselelerine garaldy.

Halkara bilermenler Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň sebitleýin bölüminiň, Ýabany tebigaty goramagyň bütindünýä gaznasynyň Merkezi Aziýa maksatnamasynyň, Beýik Britaniýanyň guşlaryny goramagyň Şalyk jemgyýetiniň, Norwegiýanyň Tebigaty öwrenmegiň institutynyň, Mihael Zukkowyň gaznasynyň, Gar barsyny gorap saklamak boýunça Maksatnamasynyň we beýlekileriň geçirýän çäreleri barada maglumat berdiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň BMG-niň biodürliligi we tebigaty goramak boýunça konwensiýalaryndan we maksatnamalaryndan gelip çykýan Türkmenistanyň halkara borçlanmalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen daşary ýurt tebigaty goraýyş guramalary bilen özaragatnaşmagynyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we TTGJ-niň geljekdäki işini meýilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda halkara ekologiýa guramalary we tebigaty goramagyň jemgyýetleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek kararyna gelindi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi