icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 mart 2019

900

Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergi-ýarmarkasy açyldy

2019-njy ýylyň 16-njy martynda Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygyna bagyşlanan sergi-ýarmarkasy açyldy.

Serginiň dabaraly açylyşyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatiki korpusyň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurtly işewürler, KHBS wekilleri gatnaşdylar. Bu çärä Türkmenistana iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň wekiliýetiniň agzalarynyň hem gatnaşandygyny bellemek zerurdyr.   

Myhmanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygy mynasybetli ýollan gutlagyny üns bilen diňlediler, onda milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmeginde, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda, sanly ykdysadyýete geçmekde, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmeginde, şeýle hem ýurdumyzda azyk önümçiliginiň döredilmeginde döwletimiziň hususy pudagynyň aýratyn orny bellenilip geçilýändir.

Serginiň barşynda oňa gatnaşyjylar esaslandyrylandan bäri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işinde gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldyrlar. Myhmanlara hususy pudagyň dürli kärhanalary tarapyndan neşir edilen we audiowizual materiallary bilen birlikde köp maglumatlar berildi. Oňa gatnaşyjylar şeýle hem dokma, mebel we deri önümçiligi ulgamynda işjeň zähmet çekýän kärhanalaryň önümleri bilen tanyşdylar.

Beýlekiler bilen bir hatarda myhmanlar iri gurluşyk hem-de senagat kompaniýalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň bazarynyň azyk pudagynyň öndüriji-firmalarynyň pawilýonlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Daşary ýurtly myhmanlaryň telekeçilerimiziň we halk senetkärlerimiziň häzirki zaman haly önümleriniň görkezilişine aýratyn üns berendiklerini nygtamak zerurdyr.

Sergi-ýarmarkasy 2019-njy ýylyň 17-nji martynda agşam öz işini tamamlar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi