icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 aprel 2019

1154

Bolgariýa Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2019-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky  täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) Nikolaý Ýankow bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Bolgariýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar barada aýdyp, taraplar hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge niýetlerini we mundan hem beýläk bilelikdäki hereketleri işjeňleşdirmäge taýýardygyny bellediler.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Bolagariýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda ýola goýlan köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugry hem aýratyn bellenilip geçildi. Bu babatda iki ýurduň BMG-nyň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine hem seretdiler.

Soňra Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem medeniýet ugrunyň ösüşine we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmeklige özara gyzyklanma bildirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi