09 iýun 2022
4392
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ABŞ-nyň Owganystanyň mesleleri boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy
2022-nji ýylyň 9-njy iýunynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystanyň mesleleri boýunça ABŞ-nyň Ýörite wekili Tomas West bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurdaky işlere işjeň gatnaşýandygy hem-de netijeli teklipleri we başlangyçlary öňe sürýändigi bellenildi.
Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin ugurlaryň bilelikde işlenilip düzülmeginiň hem-de bu ýurt bilen ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.
Başga habarlar
10
Jul
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi
10
Jul
Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy
09
Jul
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň senatory bilen duşuşygy barada
09
Jul
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
09
Jul
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Ähli habarlary görmek