24 noýabr 2022
4501
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Seulda öz kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Koreýa Respublikasynyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Rýu Jeon-Hýun bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň, şol sanda iki ýurduň dürli ugurlar boýunça, hususan-da parlamentara gatnaşyklarynyň, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede saklanylmagy we giňeldilmegi boldy.
Başga habarlar
08
May
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07
May
Aşgabatda türkmen-gruzin ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
06
May
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara ulag forumynyň her ýylky sammitine
05
May
Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar
05
May
Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
Ähli habarlary görmek