icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

27 noýabr 2023

867

Türkmen-niderlandlar hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Niderlandlar Patyşalygynyň täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Nikolaas Shermers bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda diplomatik işiniň amala aşyrylmagyna ýardam bermäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda ileri tutulýan ugurlar boýunça türkmen-niderlandlar gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki hyzmatdaşlygynyň belli ugurlary kesgitlenildi.

Taraplar halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we ÝB-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk barada nygtap geçdiler.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk, senagat, oba hojalygy we suw dolandyrylyşy ýaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähmiýetli mümkinçilikler beýan edildi. Medeniýet we bilim ulgamlaryndaky alyş-çalyş maksatnamalaryndaky özara gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi