icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 noýabr 2023

842

Türkmenistanda Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi akkreditirlendi

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaas Ýakob Shermersden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Nikolaas Ýakob Shermers halkara giňişlikde oňyn Bitaraplyk, “açyk gapylar” we deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Şunda Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň ikitaraplaýyn hem-de halkara guramalaryň ugry boýunça köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda soňky döwürde oňyn ösüşe eýe bolan ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi