icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

29 noýabr 2023

1127

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet baştutanymyz we myhman häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlyk giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär diýip nygtadylar. Şeýle hem ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara hereketleri ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuny berkitmegiň zerurdygyny nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler gyzyklanma bildirilýän geljegi uly ugurlaryň birnäçesinde uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunda goňşy ýurtlarymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Bu bolsa halkara derejede bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi energiýa serişdelerini ibermek, deňiz portlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň, Hazar deňzi arkaly ýük daşamalaryny işjeňleşdirmegiň hasabyna söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, ençeme ýurtlary baglanyşdyrýan ulag geçelgelerini döretmekdäki hyzmatdaşlyga, şeýle hem kommunikasiýalar we aragatnaşyk ulgamynda özara gatnaşyklara degişlidir.

Söhbetdeşler medeni, ylym, bilim ugurly netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar. Bu ulgamlar iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ygtybarly esasy bolup durýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi