icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 dekabr 2023

2344

Türkmenistan 2024-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan Ilat we ösüş komissiýasyna 2024-2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalygyna saýlandy.

Geňeşiň agzalarynyň goldawy netijesinde Türkmenistan häzirki wagtda komissiýanyň agzasy hökmünde yzygiderli iki möhletiň işlerini ýerine ýetirýär: 2016-2020 we 2020-2024-nji ýyllar.

Ilat we ösüş komissiýasy (CPD) ECOSOC-yň on sany komissiýasynyň biri bolup, ol Geňeşiň ilat we statistika pudagyndaky meseleler we tendensiýalar, bu ugurda milli we sebit maksatnamalaryna we meýilnamalaryna ählumumy strategiýalaryň integrasiýasy ýaly meseleler boýunça gözegçilik edýän, utgaşdyryjy we maslahat beriji edaradyr.

Komissiýanyň hemişelik sekretariaty BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň ilat bölümi bolup durýar.

Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçylary her ýyl Nýu-Ýorkda geçirilýän komissiýanyň mejlislerine gatnaşýarlar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi