icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

28 mart 2024

3171

«TASS» habarlar gullugy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň gadymy türkmen şäheri Änewiň - türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegine bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýanyň «TASS» habarlar gullugynyň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar maglumat pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler, esasan hem, Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy (TDH) bilen Russiýanyň «TASS» habarlar gullugynyň arasynda habar alyşmak pudagyndaky Hyzmatdaşlyk Memorandumyna esaslandylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «TASS» habarlar gullugynyň žurnalistiniň akkreditirlenmegi Türkmenistanda bolup geçýän täzelikleriň öz wagtynda şöhlelendirilmegine getirdi we  bu habarlar gullugy bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm itergileriň biri boldy.

Şeýle hem, Türkmen tarapy ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we metbugat pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy we ösdürilmegi, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenen ilkinji amal etmeli işleriň biri bolup,  bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmak, milli habar beriş serişdeleriniň global maglumat giňişligine integrirlenmegi we ýurduň durmuşyny we  döwletara gatnaşyklaryny giňişleýin beýan etmek boýunça, türkmen döwletiniň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilen giň gerimlidigini belläp geçdi.

Taraplar habar beriş serişdeleri gulluklarynyň işini ýola goýmagyň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtadylar we iki ýurduň ýeten sepgitleri babatynda habar alyşylmagyny goldamagy ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi