icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

05 aprel 2024

2772

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Täjigistanyň çagalaryna sowgat iberildi

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma önümleri, çaga eşikleri, konditer önümleri sowgat hökmünde Täjigistan Respublikasyna berildi.

Şol gün Duşenbe şäheriniň “Istiklol” lukmançylyk toplumynda dostlukly täjik halkynyň çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. 

Çärä ýurdumyzyň şu günler Duşenbe şäherinde bolýan Hökümet wekiliýetiniň agzalary, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň resmi wekilleri gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň, iki halkyň taryhy, medeni umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň netijesinde häzirki günde täjik-türkmen dialogyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin berk binýadyň kemala getirilendigini bellediler.

Täjik tarapynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa täjik çagalaryna berlen sowgatlar üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi