icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 aprel 2024

3190

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan-ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklary hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti şu gezekki saparyň özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi hem-de netijeli gepleşikleriň geçirilmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ABŞ bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandyny belläp, «Boeing», «General Electric», «John Deere», «Case New Holland» ýaly iri kompaniýalaryň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, işewürlik geňeşiniň türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekdäki aýratyn orny bellenildi. Geňeş iki ýurduň ykdysady guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, pugtalandyrmak we işjeňleşdirmek üçin netijeli gurala öwrüldi. ABŞ-nyň iri kompaniýalary türkmen bazarynyň strategik taýdan wajyp pudaklarynda üstünlikli işleýärler. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän amerikan işewür toparlarynyň wekilleriniň sany barha artýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýandygyny we işewürler geňeşiniň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we «Türkmenistan-ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, köpýyllyk oňyn tejribä daýanýan ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi