icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

19 aprel 2024

2499

Türkmenistanyň DIM-de Malaýziýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda Daşary işler ministriniň orunbasary syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, özara söwdany we maýa goýumlary öz içine almak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da güýçlendirmegiň we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemegiň zerurdygyny aýtdy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dogrusynda söhbetdeşligi dowam etdirip, taraplar parlament wekiliýetlerini alyşmak tejribesini öňe sürmek arkaly parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Söhbetdeşler ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini bellediler, ýakyn ýyllarda agzalan maksada ýetmäge ministrleriň, hökümet wekilleriniň we işewür toparlaryň özara saparlaryny guramak ýardam edip biljekdigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi