icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

20 aprel 2024

2913

Türkmenistanyň DIM-nde GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen  GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda GDA-nyň agza döwletleriniň arasynda syýasy, ykdysady, sport, ekologiýa we medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2024-nji ýylda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň çäklerinde geçirilýän çärelere türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere hem seredildi.

Şeýle hem duşuşygyň gün tertibi şu ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk meselelerini öz içine aldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi