18 sentýabr 2024
4302
Türkmen-mongol gün tertibiniň wajyp meselelerine garaldy
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Dorj Baýarhuu bilen duşuşdy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary syýasy edaralarynyň üsti bilen ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlylyk beýan edildi.
Taraplar şu ýylyň güýzünde Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk işlerine aýratyn üns berdiler.
Başga habarlar
04
Noý
Türkmenistanyň DIM-inde BMG-Habitatyň wekili bilen duşuşyk geçirildi
04
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
04
Noý
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
04
Noý
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
Ähli habarlary görmek