30 oktýabr 2024
4496
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.
Taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň gidişini seljerdiler we ýakyn wagtda geçiriljek tematiki çärelere taýýarlyk barada pikir alyşdylar.
Başga habarlar
21
Noý
“Awaza” toplumynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçirildi
20
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
20
Noý
Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi
20
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy
20
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Ähli habarlary görmek