02 dekabr 2024
4574
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeş boldular
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Russiýa tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-rus gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine garadylar.
Ministrler Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.
Başga habarlar
08
Oct
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistana geldi
08
Oct
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana geldi
08
Oct
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistana geldi
08
Oct
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär
08
Oct
“Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat
Ähli habarlary görmek