25 ýanwar 2025
4055
Türkmenistanyň Nepaldaky Ilçisi ynanç hatyny gowşurdy
2025-nji yylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Nepaldaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Ş.Geldynazarow Nepalyň Prezidenti Ramçandra Paudela ynanç hatlaryny gowşurdy.
Prezident Ramçandra Paudel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer, şol sanda syýahatçylyk ugurlary boyunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Başga habarlar
21
Aug
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi
20
Aug
Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler
18
Aug
Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly bilen duşuşyk geçirildi
17
Aug
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
17
Aug
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlary
Ähli habarlary görmek