icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

12 mart 2025

857

Türkmenistan bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň Ýewropa boýunça Sebitleýin direktory Brigitta Bişof Ebbeseniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler. Halkara ynsanperwer hukugyna laýyklykda Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapy ýurduň ynsanperwer ugurdaky taslamalaryny we başlangyçlaryny hödürledi we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň wekillerini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistan tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi