icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

05 iýun 2025

1141

“Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürlik geňeşi geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa-Hindistan” işewürlik geňeşine gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň arasynda ulag-logistika aragatnaşygy, sanly ykdysadyýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri, şeýle-de bu ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde maýa goýum mümkinçilikleri babatda pikir alşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň Işewürlik geňeşiniň işine uly ähmiýet berýändigi barada belläp geçdi. Şeýle-de bu geňeşiň çäklerinde döredilen tejribäniň işjeň peýdalanylmagynyň we giňeldilmeginiň wajyplygy nygtaldy.

Merkezi Aziýada energetika, ulag we logistika infrastrukturasynyň döredilmegi bilen baglylykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň flagman energetik taslamasynyň ähmiýeti barada bellenildi.

Mundan başga-da, Demirgazyk-Günorta ugry boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleri öňe sürmek boýunça başlangyçlara gabat gelýän bilelikdäki ulag we logistika taslamalarda maýa goýum mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Taraplar innowasiýalar ulgamynda, hususan-da ýokary tehnologiýalar, emeli intellekt ulgamlarynda, sanly platformalary döretmekde Hindistan bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler.

Işewürlik geňeşine gatnaşyjylaryň umumy pikiri boýunça, mejlisiň jemleriniň ugurlaryň giň toplumy boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmek üçin anyk netijelere ýetmäge ýardam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi