icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

26 iýun 2025

2495

Türkmenistanyň we Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen IOM-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogaryň çäklerinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda Türkmenistan ynsanperwerlik we hemişelik oňyn bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, jedeli syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmekde hem-de ynsanperwer meseleleri çözmekde işjeňlik görkezdi. Türkmen döwletiniň bu ýagdaýda alyp baran işleri ýurdumyzyň düzgünleşdirilýän, howpsuz we kanuny migrasiýany üpjün etmäge ygrarlylygyny görkezýär. Munuň özi bolsa migrasiýa hakynda ählumumy şertnamanyň çäklerindäki borçnamalara laýyk gelýär. Taraplar adatdan daşary ýagdaýlarda işleriň utgaşdyrylmagyny güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Şeýle hem şu ýyl üçin Çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan işleriň barşy, hususan-da, Howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýa hakynda ählumumy şertnamanyň ýerine ýetirilişi gözden geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi