icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

01 iýul 2025

1528

Türkmenistanyň we Niger Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Niger Respublikasynyň Daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtdaky nigerlileriň işleri boýunça ministri jenap Bakari Ýau Sangareniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurlygy bellenildi.

Taraplar halkara gün tertibindäki meseleler babatynda garaýyşlaryň meňzeşligini nygtadylar.

Söhbetdeşlikde üstümizdäki ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahata taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi