icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

14 iýul 2025

2121

«Hazar deňzi - durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary

2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, nebit-gaz toplumynyň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlykda guramagynda iki hepdelik «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy.

Okuw sapaklaryna Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Hazar sebitiniň dürli ugurlary bilen baglanyşykly iş alyp barýan ekologlary, diplomatlary, serhet gullugynyň işgärleri, nebit pudagynyň hünärmenleri, gidrometeorologlary, gidrograflary, hukukçylary, ykdysatçylary, ulag pudagynyň işgärleri, balykçylyk pudagynyň we degişli beýleki pudaklaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Okuw sapaklarynyň açylyş dabarasynda Halkara ummanlar institutynyň dolandyryjy direktory Antonella Wassallo, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, okuw sapaklarynyň direktory Parwin Farşçi we wideoaragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen Halkara ummanlar institutynyň hormatly prezidenti Awni Behnam çykyş etdiler.

Çärä gatnaşyjylar Hazar deňziniň gepleşikler ýolunyň oňyn ösüşini hem-de Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüş pikilerini we mehanizmlerini ilerletmekde goşan goşandyny bellediler.

Okuw sapaklarynyň maksatnamasy adatça, deňiz giňişligini meýilleşdirmek boýunça işjeň moduly öz içine alýar. Şeýle hem, okuw sapaklarynyň çäginde ilkinji gezek Milli ýurisdiksiýanyň çäginden daşynda biodürlüligi saklamak hakynda ylalaşyk boýunça ýörite seminary geçirmek meýilleşdirilýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi