icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

25 awgust 2025

2333

Türkmenistanyň DIM-nde ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy geçirildi. Ylalaşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelmäge ýardam berer.

Resminama Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin gol çekdi.

Gol çekilen resminama toplanan oňyn tejribäni alyşmagy, ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklaryna ösen innowasion çözgütleriň iş ýüzünde ornaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşmagy, şeýle hem Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bu ugurda özara gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi