icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

15 sentýabr 2025

1737

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletine sapary

2025-nji ýylyň 14–15 sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Dohada, Katar Döwleti, Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşmak üçin sapar bilen bolýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Katarda bolup geçen wakalar bilen baglylykda resmi garaýşyny beýan edip, halkara meselelerini çözmekde güýji ulanmagyň kabul ederliksizdigini, onuň BMG-niň Tertipnamasynyň hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine ters gelýändigini nygtady.

***

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy.

Duşuşykda R.Meredow katar tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny ýetirdi.

Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi