icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

02 oktýabr 2025

3015

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory  Artur Andrisýakyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň AÖB bilen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we bank ulgamynyň wekilleri bilen AÖB-nyň ýolbaşçylarynyň we degişli düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi we AÖB-yň gatnaşmagynda Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän anyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi