icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

04 noýabr 2025

1364

Türkmenistanyň DIM-de Owganystanyň Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Owganystanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabiriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ministriň orunbasary Owganystanyň demirgazygynda bolup geçen we adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren ýer titremesi bilen baglanyşykly owgan diplomatyna duýgudaşlyk we goldaw sözlerini bildirdi.

A.Gurbanow bu habaryň Türkmenistanda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini we ýurdumyzyň doganlyk Owganystanyň ilatyna golaý wagtda ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardygy barada aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkymyzyň kyn wagtda kömege mätäçlere goldaw-hemaýat bermegiň gadymy däplerini döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmagyň esasy hökmünde dowam etdirýär.

Muny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Owganystanyň heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalaryna we ilatyna yzygiderli esasda iberilýän ynsanperwerlik kömeginiň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi