icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

12 ýanwar 2026

117

Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi

2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda, 2025-nji ýylda kabul edilen we Türkmenistan tarapyndan başy başlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalarynda bellenilen wezipeleri bilelikde durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek maksady tassyklanyldy.

Diplomatlar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işjeň işine ýokary baha berdiler, geçen ýylyň jemlerini jemlediler we şu ýyl üçin öňde duran ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle hem Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ählisiniň gatnaşmagynda sebitleýin ölçegde maksatnamalaýyn-taslama işlerini öňe sürmek meselelerine seredip geçdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we Bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek barada pikir alyşmalara aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, Döwlet Baştutanymyz bu başlangyjy 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forumynda yglan etdi.

Halkara forumynyň ähli gatnaşyjylary tarapyndan goldanylan bu başlangyç, Halkara forumynyň jemleri boýunça kabul edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradylan Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapdy.

Taraplar bu ugurda işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi