icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

04 fewral 2026

1230

Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýär

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik hem-de söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar energetika hem-de ulag-logistika ulgamlarynda bilelikdäki iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça işleri işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnamany taýýarlamagyň maksadalaýyklygy nygtaldy.

Mundan başga-da, taraplar sebit we halkara gün tertibiniň birnäçe meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi