icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

17 fewral 2026

68

BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory bilen geçirilen duşuşyk barada

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BSGG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. GDA giňişliginde amala aşyrylýan saglygy goraýyş diplomatiýasy boýunça okuw maslahatynyň şeýle görnüşdäki ilkinji maksatnama bolup, Türkmenistanyň kabul ediji ýurt hökmünde üstünlikli durmuşa geçirýändigi bellenildi.

Taraplar 2026–2030-njy ýyllar üçin Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak boýunça Ýol kartasynyň taslamasyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň çäginde BSGG-niň Temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň ýerine ýetirilişi, «Bitewi saglyk» konsepsiýasynyň çäklerinde jemgyýetçilik saglygy boýunça adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk meseleleri, şeýle hem Hazar ekologik başlangyjyny ilerletmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hans Klýuge 2026-njy ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri sebit we halkara forumlara gatnaşmaga çagyryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi