icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img
img
img

27 fewral 2026

246

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda akademiki hyzmatdaşlyk giňeldilýär

2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bilim, ylym we hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «AQA Assessment Services» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «Pearson» milli kompýuter ulgamlarynyň arasynda başarnyklar, sertifikatlaşdyrmak we hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Norwiç dil bilimi institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri bilen «Nottingham Trent» uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Gol çekilen resminamalar akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmäge, häzirki zaman bilim standartlaryny ornaşdyrmaga hem-de iki ýurduň bilim we ylym edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi