

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lancaster Haus binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Beýik Britaniýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen işewürlik kabul edişligine gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Dewid Lemmi giriş sözi bilen çykyş edip, Merkezi Aziýa bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de durnukly hyzmatdaşlyk taslamalaryny ösdürmegiň ähmiýetini belledi.
Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri gysgaça çykyş etdiler.
Ministr R.Meredow öz çykyşynda häzirki döwrüň dünýä söwda we energetika gurluşynyň özgermesi, täze ulag geçelgeleriniň hem-de ykdysady taýdan özüne çekiji merkezleriniň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýändigini aýtdy. Şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Türkmenistanyň bu proseslerde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.
Ýurduň energetika mümkinçiliklerinde aýratyn durlup geçildi. Türkmenistanyň dünýäde iň iri tebigy gaz gorlarynyň birine eýedigi hem-de köp ýyllaryň dowamynda ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde öz ornuny tassyklaýandygy bellenildi. Ýewropa döwletleriniň energetika strategiýalarynyň täzeden gözden geçirilýän şertlerinde täze üpjünçilik ugurlary, uzakmöhletleýin şertnamalar we gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamyny öz içine alýan beýleki bilelikdäki taslamalary boýunça netijeli dialoga taýýarlyk beýan edildi.
Türkmen tarapy Orta geçelgäniň ösdürilmeginde hem-de ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagynda, şol sanda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinde ýurduň möhüm ornuny nygtady, munuň bolsa britan işewürleri üçin goşmaça mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.
Türkmenistanda hukuk kepilliklerini, halkara arbitraž gurallaryny we ýörite ykdysady düzgünleri öz içine alýan amatly maýa goýum gurşawynyň yzygiderli kemala getirilýändigi bellenildi. Ileri tutulýan ugurlar hökmünde energetika, nebithimiýa, oba hojalyk senagaty, tehnologiýalar we infrastruktura görkezildi.
Duşuşygyň ahyrynda özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýarlyk beýan edildi.