icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

27 fewral 2026

234

Diplomatik protokol boýunça gysgamöhletleýin okuw tamamlandy

2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň çäklerinde guralan diplomatlar we beýleki hünärmenler üçin gysgamöhletleýin okuw üstünlikli tamamlandy. Okuwyň jemleri boýunça diňleýjilere dabaraly ýagdaýda ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.

Okuwa ýurduň daşary syýasat edarasynda işleýän diplomatlar we hünärmenler, şeýle hem daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň, konsullyk edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Şahadatnamalary diplomatik gullukda köp ýyllap zähmet çeken tejribeli diplomatlar, şeýle hem institutyň professor-mugallymlary gowşurdylar.

Dabaraly çäräniň ahyrynda ýaş hünärmenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza diplomatik gullugyň işini kämilleşdirmäge berýän aýratyn ünsleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi