icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img

12 mart 2026

131

Türkmenistanyň DIM-de Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem sosial hyzmatdaşlar gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmek, mynasyp zähmet ýörelgelerini ilerletmek hem-de durmuş ugurly syýasaty pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek meseleleri bar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini hem-de ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmäge we iş bilen üpjünçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi. Şeýle hem HZG bilen hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmaga we milli zähmet gatnaşyklary ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam berýändigi nygtaldy.

Tegelek stol maslahatynyň dowamynda 2025-nji ýylda alnyp barlan bilelikdäki işleriň netijelerine, mynasyp zähmet ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn orun berildi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň durmuş-zähmet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alyp barýan yzygiderli işlerini belläp, tejribe alyşmagyň we Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlyk başlangyçlaryny giňeltmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi