icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

18 mart 2026

139

Türkmenistanyň DIM-nde Niderlandlar Patyşalygynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Nikolaas Shermersiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Niderlandlaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Taraplar özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, degişli döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň hem-de iki ýurduň ylym-bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem, iki ýurduň arasynda şertnama-hukuk binýadyny berkitmek boýunça bilelikdäki işleriň zerurlygy nygtaldy.

Mundan başga-da, halkara guramalaryň çäginde hem-de sebit başlangyçlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça netijeli dialogy ösdürmäge we hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi