icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 ýanwar 2019

238

TÜRKMENISTANYŇ BELARUS RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY GDA-NYŇ BAŞ BINASYNDA SERGI GURNADY

2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda GDA-nyň baş binasynda,Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda, türkmeniň medeni we taryhy mirasynyň, amaly-haşam sungatynyň, döwletimiziň gazanan üstünlikleri barada habar berýän suratlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi geçirildi.

Serginiň dabaraly açylyşynda GDA-nyň Yerine Yetiriji komitetiniň başlygy - Ýerine Ýetiriji sekretary S.N.Lebedew gutlag sözleri bilen çykyş edip, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň başlyklygynda, GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda özara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanjakdygyna ynam bildirdi.

Sergi baý mazmunly bolup, ol Watanymyzyň daşary ýurtlar bilen köptaraply hyzmatdaşlygyň okgunly alnyp barylýandygynyň hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistana, halkymyzyň baý milli mirasyna, onuň ajaýyp medeniýetine we sungatyna bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň subutnamasy boldy.

Geçirilen sergiden soňra, GDA-nyň Yerine ýetiriji komitetiniň jogapkär işgärleriniň, GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň  ýanyndaky Hemişelik  we Doly ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda kabul edişlik çäresi geçirildi we gatnaşyjylara türkmeniň milli tagamlary hödür-kerem edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi