icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 maý 2019

452

Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşyk boldy

2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 15-16-njy maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumyna, şeýle-de GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli mejlisleriň geçirilmegine görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar, has takygy 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy-döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi bilen bagly bolan guramaçylyk meselelerine seredilip geçildi.

Myhman şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň gatnaşyjy-döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedigini nygtady we Türkmenistan bilen özarabähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Arkalaşygyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp geçdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi