Aşgabatda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi açyldy

2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Aşgabat şäheriniň «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisiniň açylyş dabarasy geçirildi.  

Mejlisiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew, Belarus Respublikasynyň Oba hojalygy we azyk ministriniň orunbasary, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy W.W.Grakun, Geňeşiň agzasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, «Semena» Assosiasiýasynyň Prezidenti, ylymlaryň doktory, MYPTHA-nyň akademigi I.I.Kuzmin dagylar çykyş etdiler.   

Mejlisiň barşynda GDA gatnaşyjy-ýurtlaryň görnükli alymlary we bilermenleri çykyş etdiler we olar GDA ýurtlarynda oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy, sort synagy, tohumçylygy, nahalhanaçylyk hem-de bu ýurtlaryň arasynda ekinleriň tohumlary we üzümiň, miweli baglaryň nahallary bilen döwletara üpjünçiligi boýunça giňişleýin maglumatlary berdiler. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar tarapyndan GDA ýurtlarynda tohumçylygy dolandyrmak boýunça maglumat-seljerme ulgamynyň döredilmeginiň zerurlygy aýratyn bellenilip geçildi.

Geňeşiň mejlisiniň barşynda oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy, tohumçylygy we sort synagy, ösümlikleri öwrenmek, gorap saklamak, adaty, biotehnologiýa we bioinženeriýa usullaryny ulanmak bilen täze sortlary döretmekde, oba ýerlerini we şäherleri gök zolaga öwürmekde botanika bagynyň ähmiýeti, dermanlyk we ysly ösümlikler GDA ýurtlarynyň halklarynyň hyzmatynda ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisiniň ahyrynda onuň gatnaşyjylary tarapyndan Geňeşiň nobatdaky XXIII mejlisiniň geçiriljek ýeri hem-de senesi hakyndaky karar kabul edildi hem-de Geňeşiň mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.