icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 iýun 2019

518

BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN HALKARA MEDIA-FORUM GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 29-njy iýunynda «Arçabil» myhmanhanasynda şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp halkara media-forum geçirildi.

Media-foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri, syýasatşynaslar hem-de žurnalistika hünärinde okaýan talyplar gatnaşdylar.

Halkara media-forumyň başynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň geňeşçisi giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine we mümkinçiliklerine bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Media-forumyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary B.Annamämmedow, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň orunbasary J.Garaýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary A.Çaryýew hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary D.Rejepow çykyş etdiler.

 Çykyş edenler birinji Hazar ykdysady forumynyň hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtadylar.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň arasynda sowal-jogap alşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi